Mourinýu «Realda» agzybirligi ýola goýmak üçin berk düzgünleri girizýär

MilliInfo

2 Sentýabr, 2026

Mourinýu «Realda» agzybirligi ýola goýmak üçin berk düzgünleri girizýär

Žoze Mourinýu toparyň iň ýokary derejedäki agzybirligini gazanmagy maksat edinýär.

Şunlukda, ol hökmany bilelikdäki agşamlyk naharlaryny girizdi. Ozal «Realyň» ýyldyzlary türgenleşikden soň dessine öz awtoulaglaryna münüp, öýli-öýlerine tarap ugraýardylar. Indi bolsa ýagdaý başgaça. Bütin topar umumy saçagyň başynda oturmaga, söhbetdeş bolmaga we toparyň agzybirligini guramaga borçlanýar.

Hiç hili telefon hem bolmaly däl! Internet toruna girmegi unutmaly! Oýunçylar ekranlara seretmän, biri-biri bilen gürleşmeli. Görşüňiz ýaly, futbolçylar eýýäm has köp söhbetdeş bolýarlar we munuň häzirki netijesi — çempionatyň üç oýnunda gazanylan üç ynamly ýeňiş.

Mundan başga-da, bir futbolçy türgenleşikden bir sagat öň türgenleşik bazasynda bolmaly. Bary-ýogy bir minut gijä galdyňmy? Boldy, oýunçy dessine topardan çetleşdirýärler we ýekelikde türgenleşik zalynda goşmaça türgenleşmäge iberilýär. Hatda bir oýun meýdana çykmazlygy hem mümkin.

Žoze açyk aýdýar: «Iň esasy zat — öýe bitewi bir topardygymyzy duýup gaýtmak».

Oýun wagtyndan nägile bolanlara bolsa Mourinýo klubyň bähbidi üçin ulumsylygy bir gyra goýmagy maslahat berdi.

Tälimçiniň bu usullaryna nähili garaýaňyz? Şeýle berk düzgünli «Real» Çempionlar ligasyny utup bilermi? Munuň netijesi möwsümiň ahyrynda aýan bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info