Mourinýu 25 ýyldan soň ýene «Benfika» dolanýar

MilliInfo

21 Sentýabr, 2025

Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynda «Benfikadan» utulyp, «Fenerbahçe» klubundan boşadylan Žoze Mourunýu ýene-de «Benfikanyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi.

Şeýlelikde, «Fenerbahçe» bilen hoşlaşan meşhur tälimçi Žoze Mourunýu «Benfika» bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Benfika» Žoze Mourunýunyň tälimçilik karýerasyna başlan ilkinji klubydyr. Portugaliýaly hünärmen 2000-nji ýylda ilkinji gezek «Benfika» baş tälimçi bellenýär. Emma bary-ýogy 10 duşuşykdan soň klubuň ýolbaşçylar düzümindäki üýtgeşmeler sebäpli, öz islegi boýunça kluby terk edýär. Şondan soň bolsa tanymal hünärmen «Portu», «Inter», «Çelsi», «Real», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem» we «Roma» ýaly güýçli toparlara tälimçilik etdi.

Žurnalistleriň «Benfika» tälimçilik etmek baradaky sowallaryna Mourinýu şeýle sözler bilen jogap berdi: «Entek möwsümiň tamamlanmagyna wagt kän. Uzak wagtlap futboldan uzak durmak meniň tebigatymda ýok. «Benfikany» türgenleşdirmek baradaky teklip hödürlenende men muňa razydygymy aýtdym. Bu meniň üçin watanyma dolanmaga mümkinçilik we uly bir baýramçylyk bolar».

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo