«Möý-adam: Täze gün» filmi we ajaýyp konsert: «Türkmenistan» kinokonsert merkezi size garaşýar

MilliInfo

2 sagat öň

«Möý-adam: Täze gün» filmi we ajaýyp konsert: «Türkmenistan» kinokonsert merkezi size garaşýar

«Türkmenistan» kinokonsert merkezi watandaşlarymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin täze meşhur filmleri hödürlemegini we ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlarynyň konsertlerini guramagyny dowam etdirýär. Biz bu ýerde hepdäniň ahyrky günlerinde hödürlenjek filmleriniň we konsertiň ildeşlerimize ajaýyp täsirleridir ýakymly duýgulary bagyşlajakdygyna ynanýarys hem-de merkeziň maksatnamasyny hödürleýäris.

23-nji oktýabrda — anna güni dünýäde sabyrsyzlyk bilen garaşylan iň meşhur filmleriň ikisi görkeziler. Şol gün 16:00-da «Möý-adam: Täze gün» («Человек-паук: Новый день») filmi kino muşdaklaryna ýetiriler. 19:00-da bolsa «Umyt» («Надежда») atly film hödürlener.

25-nji oktýabrda türkmen estradasynyň ýaş wekili Nurana Jumaýewanyň konserti geçiriler. 19:00-da başlanjak konsertde döwrümiziň iň ajaýyp mukamlarynyň ýaňlanmagy size iň täsirli pursatlary bagyşlar.      

Dynç günüňizi lezzetli geçirmek üçin konsertiň peteklerini häzirden bron ediň!

Telefon belgileri: +993 12 49-26-58; +993 62 00-31-21

«Türkmenistan» kinokonsert merkezi size garaşýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info