Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti 17–27-nji awgust aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Kent döwlet uniwersitetine resmi saparda bolýar. Saparyň esasy maksady iki ýokary okuw mekdebiň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, akademiki gatnaşyklary giňeltmek, ýokary bilimiň halkara derejesini ýokarlandyrmak we institusional ösüş boýunça tejribe alyşmakdan ybaratdyr.
Saparyň möhüm ugurlarynyň biri-de ýokary bilimiň hilini üpjün etmek we akkreditasiýa meselelerine bagyşlanýar. Amaly okuwlaryň we hünärmenler bilen geçirilen işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda HYYÖU-niň wekilleri HLC, ABET we AACSB ýaly akkreditasiýa ugurlary, bilim netijelerini kesgitlemek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, baha beriş usullary we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri öwrenýärler. Şeýle hem HYYÖU-nde hil üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek we täze akademiki maksatnamalary taýýarlamak boýunça anyk hereketleriň ýol kartasy ara alnyp maslahatlaşylýar.
Kent döwlet uniwersitetiniň degişli hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda halkara we magistratura maksatnamalaryna talyplary kabul etmegiň tertibi, MBA maksatnamasynyň ösdürilmegi we halkara talyplar üçin hyzmatlar boýunça tejribe alşylýar. Wekiliýet uniwersitetiň kitaphanasyna baryp, OhioLINK we ILLiad ulgamlary, ylmy çeşmeler, ýazuw we repetitorlyk hyzmatlary hem-de talyplar üçin döredilen beýleki akademiki mümkinçilikler bilen tanyşýar.
Saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk hem orun aldy. Kent döwlet uniwersitetine amala aşyrylýan bu sapar HYYÖU-niň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar.
