Mukamlar köşgünde «Dutaryň owazy» atly ajaýyp konsert geçiriler

MilliInfo

20 Oktýabr, 2025

1-nji noýabrda Aşgabatda «Dutaryň owazy» atly ajaýyp konsert geçiriler. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet horunyň hem-de çagalar horunyň ýetirmeginde ajaýyp eserler ýaňlanar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan baýramçylyk konsertinde Haýdar Eminowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň ýerine ýetirjek ajaýyp owazlary ildeşlerimiziň göwnüni göterer. Perman Miriýew hem-de Maýa Baýlarowa bolsa ajaýyp çykyşlara dirižýorlyk eder.

Konsert 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Ol sagat 17:00-da başlanar.

Maglumatlary öwrenmek hem-de petekleri almak üçin afişada görkezilen telefon belgilerinden peýdalanyp bilersiňiz.   

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo