Adaty siňek britaniýaly golfçy Tommi Flitwudyň «BMW Championship» ýaryşynda golf topjagazyny çukurjyga girizmegine we 1,45 million dollar gazanmagyna kömek etdi.
Topjagaz sportçynyň urgusyndan soň çukurjygyň bir millimetr golaýynda saklandy. Şol wagt onuň üstüne bir siňek gondy. Ýeňiljek agram täsiri topy titredip, oňa haýsydyr bir jady ýaly täsir etdi. Şunlukda, topjagaz çukurjyga agdarylyp goýberdi.
Netijede Flitwud bu ýaryşda diňe bir öz ukyby esasynda däl, eýsem, garaşylmadyk ýagdaýda ýardam beren kiçijik kömekçisiniň goşandy bilen dördünji orny eýeledi.
Belki-de, bu siňek indiki möwsümde golf ýaryşlaryna gatnaşmak üçin hem arza tabşyrar!