Mümkinçiligi elden gidermäň: ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin täsirli maksatnamanyň başlanandygyny yglan etdi

MilliInfo

4 sagat öň

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2026 — 2027-nji ýyllar üçin «Fulbright Teaching Excellence and Achievement (TEA)» programmasyna açyk bäsleşigiň başlandygyny yglan etdi. Munuň halkara mugallymlaryna öz ugurlary boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek we Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimini artdyrmak üçin özboluşly mümkinçilikleri açýandygyny bellemek gerek.

Saýlanan gatnaşyjylar 2027-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýlarynda başlanýan alty hepdelik maksatnama gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda bolarlar. Munuň özi dereje berilmeýän akademiki maksatnama bolup, okatmagyň metodikasyny, sapak meýilnamalarynyň taýýarlanylmagyny, okatmagyň strategiýalaryny, şeýle-de kompýuterleriň internet, tekst redaktirleme we okatmak guraly hökmünde ulanylmagy boýunça okuwlary we intensiw taýýarlygy utgaşdyrýar.

Seçilip alnan mugallymlar ABŞ-daky kabul ediji uniwersitetde ýöriteleşdirilen magistr derejeli seminarlara gatnaşarlar.

Programmada talyp haklaryny doly maliýeleşdirilýändigini we TOEFL synag töleginiň, J-1 wizasy boýunça goldawyň, saparyň öňüsyrasyndaky taýýarlyk duşuşygynyň (Pre-Departure Orientation – PDO), Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we onuň içinde ikitaraplaýyn awiapetekleriniň, garşylamak duşuşygynyň hem-de jemleýji seminaryň, akademiki maksatnama tölegleriniň, ýaşaýyş we naharlanmak mümkinçilikleriniň, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasynyň, şeýle-de beýleki ýeňillikleriň üpjün edilýändigini bellemek gerek

Şunda dalaşgärlerden edilýän talaplara hem ünsi çekmek gerek:

  • Azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolan doly iş wagtyndaky orta mekdep mugallymlary ýa-da dil merkezleriniň mugallymlary (iňlis dili, daşary ýurt dilleri, žurnalistika, aragatnaşyk, STEM – ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika, jemgyýetçilik dersleri, ýörite bilim we ýerli ilata hyzmat edýän beýleki edaralar);

  • 12–18 ýaş aralygyndaky okuwçylara sapak berýän bolmaly (eger beýleki derejelere hem sapak berýän bolsa iş wagtynyň 50%-den gowragy orta ýa-da ýokary mekdep okuwçylaryna degişli bolmaly);

  • Maksatnama tamamlanandan soň azyndan bäş ýyl mugallymçylyk işini dowam etdirmegi meýilleşdirýän bolmaly;

  • Arza tabşyrylýan we maksatnama gatnaşylýan döwürde Türkmenistanda ýaşap, işleýän bolmaly;

  • Maksatnama tamamlanandan soň okatmagy dowam etdirmäge ygrarlylygyny görkezmeli;

  • Doly doldurylan arza tabşyrmaly.

2027-nji ýyl üçin «Fulbright Teaching Excellence and Achievement Programy» boýunça arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda sagat 23:59-a çenli kabul edilýär.

Arza görnüşi üçin «AshgabatEducation@state.gov» elektron poçta salgysyna ýüz tutup bolýarndygyny ýatladýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info