Aýdymçy çagalaryň hem-de ýetginjekleriň arasynda geçirilýän «Müňden biri» bäsleşiginiň ýarym finaly — 11-nji bölümi çykdy.
Şowhunly gepleşigiň bu sanynda bäsleşigiň şertleri has-da kämilleşdirildi. Ozal eminleri her bir aýdymçyny aýratynlykda bahalandyrýan bolsalar, bu gezek ýaş zehinler bir aýdymy jübütlikde ýerine ýetirdiler we şol duetiň netijesinde iki bäsdeşden biri saýlandy. Saýlan ýoly birek-birege ýakyn bolan ýaşlaryň brek-birek bilen bäsleşmegi dürli ugurlaryň wekilleriniň nobatdaky tapgyra geçmegini şertlendirdi. Şunda halk aýdymlaryny saýlan aýdymçylar, döwrebap ýoldan çykyş edýän ýetginjeklerdir çagalar hem-de rep sungatynyň wekilleri bäsleşdiler. Bu bolsa ajaýyp bäsleşigiň has-da dartgynly geçmegini üpjün etdi.
Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary Pälwan Halmyradowyň, Döwran Saparowyň hem-de Maral Durdyýewanyň beren bahalary çykyşlaryň adalatly seljerilmeginde ähmiýetli boldy. «Müňden biriniň» bu gezekki sanynyň myhmany bolsa bilbil sesli zehinli aýdymçy Bilbil Öwezowa boldy. Onuň ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlary hakyndaky pikirleri tomaşaçylarda gyzyklanma döretdi. Satira žanrynyň ussady Ýagşy Goşunowyň täsirli degişmeleri bolsa bäsleşigi gülki bilen utgaşdyrdy.
Eminler çykyş eden jübütleriň ikisini hem indiki tapgyra geçirmek mümkinçiliginiň diňe birinden peýdalandylar. Bäsleşigiň bu tapgyryna tomaşaçylaryň hem gatnaşmagy onuň has-da gyzykly geçmegine täsirini ýetirdi.
«Müňden biri» bäsleşiginiň ýarym finalyna — 11-nji bölümine «Belet Film» hem-de «YouTube» platformalaryndan tomaşa edip bilersiňiz.