Ismailiýa şäherinden Watanymyza gelip gowşan hoş habarda şu günler Müsür Arap Respublikasynda geçýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda uly üstünlige eýe bolan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň wekiliniň üstünligi buşlanylýar.
17 ýaşly ildeşimiz Didarbek Jumabaýew 89 kilogram agaram derejesinde bäsleşdi. Ol ştangany itekläp galdyrmakda 187 kg netije bilen kümüş medal gazandy. Iki görnüşiň jemi boýunça 335 kg agyrlygy boýun egdirmegi onuň bäsleşigiň umumy netijesi boýunça bürünç medala mynasyp bolmagyna getirdi.
Şeýlelikde, «Olimp» orta sport mekdebiniň 12-nji synpynda bilim alýan ildeşimiz ýurdumyzyň baýrak gaznasyna 1 kümüş we 1 bürünç medallar bilen baýlaşdyrdy.
Dünýä çempionatyna 53 döwletden 271 türgen gatnaşýar. Ýaryş dowam edýär.