Sazly gezelenç: Tahyr Ataýewiň orkestri dünýä gaýybana syýahata çagyrýar

MilliInfo

2 sagat öň

Paýtagtymyzyň ýaşajylaryna we myhmanlaryna möwsümiň uly sazly wakasy garaşýar. Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri «Dünýä syýahat» atly täsin hem şowhunly maksatnamasyny hödürleýär.

Planetanyň iň owadan künjeklerini görmek üçin tomaşaçylara wiza ýa-da uzak dowam edýän uçuşly saparlar gerek bolmaz. Munuň üçin diňe janly sazyň jadyly güýjüne gaplanmak ýeterlikdir.

5-nji iýulda Alp Arslan adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasy ägirt uly saparyň başlangyç nokadyna öwrüler. Agşamyň maksatnamasynda:

  • Köne Ýewropanyň nusgawy sazlarynyň astyndaky gezelençler;

  • Täze Dünýäniň (Amerikanyň) joşgunly we çalt depginli ritmlerine aralaşmak;

  • Gündogaryň syrly we özüne çekiji dünýäsine syýahat.

Şol agşam dünýäniň rowata öwrülen eserleri, özboluşly milli äheňler we ähli nesiller tarapyndan söýlüp diňlenilýän sazlar ýaňlanar. Her bir eser saz kartasynda täze bir geografiki nokada öwrülip, size unudylmajak duýgulary peşgeş berer.

Başlanýan wagty: 19:00

Has giňişleýin maglumat almak we biletleri sargyt etmek üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:

55-90-15

+993 (62) 53-28-71

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info