Hazar deňziniň kenarynda bütin bir ýyllyk IT merkezi dörediler — onuň tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň güýzünde guralar

MilliInfo

Dagystanda — Hazar deňziniň kenarynda bir ýyllyk IT merkezini döretmek meýilleşdirýärler. Taslama hakynda «TASS Kawkaz» sebitleýin maglumat merkeziniň metbugat maslahatynda eden çykyşynda Respublikanyň Premýer-ministriniň orunbasary Rizwan Gazimagomedow aýtdy.

Onuň bellemegine görä, täze sanly klaster bilim, önümçilik we dynç alyş wezipelerini utgaşdyrar:

— Biz deňiz kenarynda bütin bir ýyllyk IT hünärmenlerini taýýarlaýan merkez döretmegi meýilleşdirýäris. Şeýlelikde, işläp düzüjiler hökmünde olar täze önümleri dörederler, şol bir wagtyň özünde bolsa dynç almak, öwrenmek bilen meşgullanyp bilerler — diýip, Gazimagomedow belleýär.

Merkeziň düzüminde maglumat merkeziniň, maglumatlary saklamak we beýleki zerur sanly infrastrukturalaryň ählisiniň boljakdygy tassyklanylýar. Taslama oktýabr aýynyň ahyrynda — 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň başynda geçiriljek III Hazar halkara sanly forumynda hödürlener.

Hökümetiň wekili sebitiň agrosenagat pudagyny sanlaşdyrmak boýunça netijeli işleýändigini aýtdy. Esasy ugurlaryň arasynda oba hojalygyna uçarmansyz uçarlaryň we datçikleriň ornaşdyrylmagynyň hem bardygyny bellemek gerek.

— Bu uçarmansyz uçarlaryň kömegi bilen topragy gaýtadan işlemek we dänäniň ýetişýän wagtyna, gerbisidleriň ulanylyşyna we beýleki agrotehniki işlere gözegçilik etmek üçin datçikleri ulanmagy öz içine alýar — diýip, Gazimagimedow gürrüň berdi.

Hazaryň kenarynda IT merkeziniň döredilmegi sebitiň tehnologiki ekoulgamyny ösdürmekde we ýaşlary sanly hünärlere çekmekde möhüm ädim bolup biler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo