Birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy

MilliInfo

1 sagat öň

Birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny we motor ýagyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Ukrainanyň telekeçilerine jins we trikotaž önümleri, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, bugdaý uny, pagta süýümi, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 454 müň manada deň bolan pagta ýagyny, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info