Hytaýyň Hunan welaýatynyň Lýuýan şäherinde dünýäde iň uly yşyklaryň şowhuny guralyp, oňa 15 947 dron gatnaşdy. Bu ýerde uçýan enjamlar gaýtalanmajak ajaýyp görnüşleri — Ýer togalagynyň, açylýan gülleriň we ýapraklary feýerwerkleriň astynda «gaçýan» uly agajyň şekilini döretdiler.
Bu ajaýyp şowhuna taýýarlyk işleri binäçe aý dowam etdi. Ähli zadyň nusgalyk derejede hödürlenmegi üçin özboluşly dolandyryş ulgamyndan peýdalanyldy we 16 müňe golaý dronyň belentlikde bir ritmde hereket etmegi gazanyldy.
Şunlukda, Lýuýan eýýäm täze dünýä rekordlarynyň ikisiniň eýesi hökmünde bellige alyndy. Şolaryň biri «bir wagtda bir kompýuterde işe girizilen uçýan enjamlaryň sanynyň köplügi», beýlekisi bolsa «iň köp feýerwerk göterýän iň uly şekili amala aşyran dronlaryň sazlaşykly uçuşy» boýunçadyr.

