Döwlet tarapyndan döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden we ýeňilliklerden netijeli peýdalanýan gallaçy-kärendeçiler Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowrak hasylyny tabşyrdylar. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetirmek bilen edermen daýhanlaryň asylly zähmetiniň miwesidir.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygyny bellemek ýakymly. Ýurdumyzyň gallaçy-kärendeçileriniň yhlasly zähmeti bilen Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýyň tabşyrylmagy gallaçylyk pudagynyň has-da sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.
Şu günler güneşli Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan ak bugdaý hasylynyň mukdary yzygiderli artýar. Möwsüme degişli ähli düzümleriň utgaşykly işi gallaçy-kärendeçileriň öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine bolan ynamy pugtalandyrýar.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda bolup, kärendeçi daýhanyň alyp barýan işleri bilen tanyşmagy hem-de onuň ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna ak pata bermegi ýurdumyzyň gallaçy-kärendeçilerini belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gallaçy-kärendeçilerine döwlet tarapyndan ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zamanyň kuwwatly tehnikalarynyň netijeli işledilmegi daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün edýär. Bu bolsa Watan harmanynyň barha beýgelmegi üçin zerur şertleri döredýär.
Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin usulda alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Şeýlelikde, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa ekerançylary ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almaga, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge bolan höwesini artdyrýar.
Şeýle hem galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerur bolan ýangyç, çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edýär. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi.
Täze hasylyň dänesi ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara getirilýär. Gazanylan üstünligi berkitmek üçin galla meýdanlaryndaky işleriň depginini has-da batlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Munuň özi gallaçy-kärendeçileriň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirijekdiklerine we belent sepgitleri eýelejekdiklerine bolan ynamy pugtalandyrýar.
Degişli düzümleriň sazlaşykly zähmeti netijesinde galla harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady bolar.
