«Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde «MenzilMekan Animation» studiýasy «Nowça TV» multimediýa platformasynda çagalar üçin niýetlenen ilkinji 3D-animasion «Menekliler» serialy köpçülige hödürlär.
Bu taslama ýurdumyzyň multiplikasion ulgamynda täze bir sepgit bolmaga gönükdirilendir. Multserial gyzykly başdan geçirmeler we biri-biriniň yzyny alýan täsirli wakalar arkaly ýaş tomaşaçylara dogruçyllygy, özara kömekleşmegi, mähribanlygy we daş-töweregindäkilere hormat goýmagy öwredýär.
«Meneklileriň» esasy aýratynlygy – çagalaryň her bölüm saýyn bilelikde ösüp-ulaljak gahrymanlarydyr. Olar daşky dünýäni öwrenerler, söýgüli gahrymanlaryna duýgudaşlyk bildirip, olar bilen bir hatarda möhüm durmuş soraglaryna jogap taparlar.
«Kids Expo 2026-a» geljek myhmanlar «Menekliler» multserialyň gahrymanlary bilen ilkinjileriň hatarynda tanşyp, türkmen 3D-animasiýasynyň täze tapgyryna şaýat bolmaga mümkinçilik alarlar.
Sergi-ýarmarka 19-22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler zalynda geçiriler.
