16 — 25-nji ýanwar aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Gurbangulyýew hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa ajaýyp öwüşgin çaýýar.
Halkara festiwal 1974-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, dünýä ýurtlaryndan zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksadydyr. Festiwal Monte-Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilip, artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda çykyş edýärler.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda hem halkymyz şeýle şatlykly wakalaryň dowamata atarylýandygynyň şaýady boldy. Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan gowşurylan halkara şahadatnamalary buýsanç bilen kabul edip, Watanymyza dolanyp geldiler.
Bu waka «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar hem-de bu üstünligi Ýer ýüzünde dabaralandyrýar.