Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda hereket duýujy surat enjamlarynda alajabarsyň ýazgysy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda öň geçirilen barlaglarda ene alajagaplaň pişijekleri bilen hasaba alnypdy. Şonda ene alajagaplaňa «Umyt» diýlip at goýlupdy.
Indi bolsa goraghananyň meýdanlarynda ýaşaýan başga bir ene alajagaplaňyň pişijegi bilen surat enjamyna düşendigi anyklanyldy. Şeýlelikde, ýene-de bir ene alajagaplaňyň köpelendigi baradaky täze maglumat ýüze çykaryldy.
Şeýlelikde, Bathyzda alajagaplaňlaryň durnukly köpelýän toparynyň bardygyny mälim edildi. Bu maglumatlar goraghananyň meýdanlarynda alajagaplaňlaryň ýaşaýşy we köpelmegi üçin amatly şertleriň bardygyny subut edýär.
Alajagaplaňlaryň her bir täze nesiliniň ýüze çykarylmagy düýbünden ýitip barýan bu görnüşiň dünýä ýüzünde goralyp saklanmagynda türkmen tebigatynyň möhüm ähmiýete eýedigini Aý dogan ýaly aýan etdi.