Baku şäherinde Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitiniň çäklerinde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Ministrler Jeýhun Baýramow, Raşid Meredow we Bahtiýor Saidow üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Olar ulag-üstaşyr arabaglanyşygyny giňeltmäge, energetika we söwda pudagyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle hem sebit we sebitara geçelgeleriň kuwwatyny doly açmaga aýratyn üns berdiler.
Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar umumy taryha we özara ynama esaslanýan strategik hyzmatdaşlygy hem-de doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Diplomatlar ykdysady ösüşi höweslendirmek, infrastrukturany ösdürmek we sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin yzygiderli syýasy gepleşikleriň, ýakyndan utgaşdyrmagyň hem-de bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini nygtadylar.
