21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Bu ýerde welaýatynyň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallar netijeli işledilip, gallaçy daýhanlar ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün edilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlary, beýleki tehnikalary netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek babatda zerur çäreler görülýär.
Welaýatlaryň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär. Şeýle-de häkimler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabatlary berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Pagtaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde we netijeli işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek ugrunda zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de olary ilata ýetirmek boýunça utgaşykly işler alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň, ekişde tehnikalary doly güýjünde işletmegiň, tagt hem-de gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda geçirip, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz pagta ýygymyna ünsi çekip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirip, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, ýygym möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, zaýasyz ýygnap almak üçin ähli çäreleri görmegi, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly ekilen, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işlerini bellenen möhletlerde talabalaýyk alyp barmagy, welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna welaýatlarda gowy taýýarlyk görmegi hem tabşyrdy.
