Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasy döwrebaplaşdyrylar

MilliInfo

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň önümçiligini has-da döwrebaplaşdyrmak, olarda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Bu barada 5-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanowyň beren hasabatynda beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlary doly kuwwatynda işletmek, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin netijeli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin zerur işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo