4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň guramaçylykly dowam edýändigi barada-da aýdyldy.
Baş prokuror B.Muhamedowyň hasabaty onuň ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan hasabat döwründe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada boldy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işler, hususan-da, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegi, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen açylyp ulanmaga berlen desgalar barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýewiň hasabatynda şu ýylyň bäş aýynda onuň ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de milli kazyýet ulgamyna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzda abadançylygy üpjün etmek, bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganowyň hasabaty 2026-njy ýylyň bäş aýynda milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barlan işler, ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada boldy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda bu düzüme işiň döwrebap usullaryny, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, ýurdumyzda migrasiýa işini kämilleşdirmek, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy.