«Žanaozen — Türkmenistan» awtoulag ýolunda düýpli abatlaýyş işleri dowam edýär

MilliInfo

«Mangistau oblastynda «Žanaozen — Türkmenistanyň serhedi» ýolunyň bir böleginde düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar» diýip, «24KZ» teleýaýlymy habar berýär.

Ýoluň uzynlygy 50 kilometr bolan bu bölegi Gazagystany Türkmenistan bilen göni birleşdirýär. Gurluşykda 300-e golaý hünärmen işleýär we olaryň ählisi ýerli ýaşaýjylardyr. Şunlukda, gurluşyk işlerinde ýurduň özünde öndürilen serişdeler ulanylýar. Ýoly abatlamak işlerine geçen ýyl başlandy. Bellemeli zat, bu awtoýoluň döwrebaplaşdyrylmagy halkara ýük akymyny artdyrmaga we sebitiň syýahatçylyk desgalaryna barýan ýollary gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Kanat Satyýew, «KazAwtoŽol» (ҚазАвтоЖол) Paýdarlar jemgyýetiniň oblast şahamçasynyň direktorynyň orunbasary:

— Toprak işleri doly tamamlandy, çagyl-çäge garyndysy düşeldi. Şol bir wagtda aýlawly ýol hem taýýarlandy. Häzirki wagtda binýatlaýyn örtügi düşemek işleri başlandy. Ýol gurluşykçylary abatlaýyş işleriniň bökdelmezligi üçin bütin gyşyň dowamynda inert materiallary taýýarlanyldy. Şunlukda, bu ýol Türkmenistan bilen haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info