Düýn — 9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlary boýunça 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabatlary berdiler. Şunlukda, ykdysadyýet, maliýe we bank, nebitgaz, oba hojalyk, gurluşyk we senagat, söwda, medeniýet, bilim, ylym, saglyk, sport hem-de jemgyýetçilik guramalary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işi, ulag we aragatnaşyk toplumlary boýunça ýyllyk iş meýilnamalarynyň taslamalary hakyndaky maglumatlar beýan edildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.