Gündäki uly koronal deşik sebäpli, Ýeriň ýüzünde bir hepdäniň dowamynda geomagnit hadysasynyň ýaramazlaşmagyna garaşylýar. Soňky iki aýyň dowamynda iň güýçli magnit hadysasy boljak täsiriň anna güni Aşgabat wagty bilen ir sagat 9-da başlanjakdygy habar berilýär.
Magnit hadysasynyň ýaramaz netijeleri adamlaryň saglygyna, esasan hem, olaryň howa garaşlylygyna täsir edip biler. Mümkin bolan ýüzeçykmalar başyň aýlanmagy, bogunlaryň agyrylarynyň duýulmagy we gan basyşynyň ýokarlanmagy bilen aýan bolar. Lukmanlar şeýle günlerde insult we ýürek agyry howpunyň ýokarydygyny duýdurýarlar.
Lukmanlar saglygy goramak üçin degişli çäreleri görmegi maslahat berýärler. Hödürlenýän maslahatlar howa bilen bagly duýgurlygy ýokary bolan adamlaryň fiziki işlerden gaça durmagyny hem öz içine alýar. Şeýle hem deňagramly iýmitlenmek, sagdyn iýmiti saýlamak we spirtli içgilerinden saklanmak möhümdir.

