Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurda ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň şu döwlet sapary bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany açar.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda ýurdumyz bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän iri koreý kompaniýalaryna uly orun degişlidir. Bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz, nebithimiýa, gazhimiýa pudaklarynda bilelikdäki giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi özara tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ýewraziýanyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan hem-de Koreýa Respublikasy üstaşyr geçelgeleri döretmekde tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, halklarymyzyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi hereket edýär. Ýurdumyzyň bir ýokary we orta okuw mekdebinde bolsa koreý dili öwredilýär. Ylym-bilim ulgamynda iki ýurduň akademiki toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Akademiki alyşmalar, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar amala aşyrylyp, bilim işine döwrebap standartlar, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

...Birnäçe sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline gelip gondy.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň gelmegi mynasybetli hormat topy atyldy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň hem-de ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info