Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek dowam edýär

MilliInfo

18 Iyul, 2025

Şu hepdäniň başynda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy.

11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin döwlet gullukçylaryny, magistrleri taýýarlamak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Bu möhüm möwsümi talabalaýyk derejede guramak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli Buýruga gol çekdi. Döwlet toparyna şu ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimi ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda täze anyk ädimler bolar. Şunda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryny 30-njy iýul — 25-nji awgust aralygynda geçirmegiň bellenilendigini hem nygtamak gerek.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo