Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy

MilliInfo

Şu gün — 31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. 

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Týanszin şäheriniň halkara howa menziline gelip gondy. 

Döwlet Baştutanymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo