Paýtagtyň suw üpjünçiliginiň ygtybarly ulgamy: Garagum derýasynda suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desga işe girizildi

MilliInfo
Paýtagtyň suw üpjünçiliginiň ygtybarly ulgamy: Garagum derýasynda suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desga işe girizildi

Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň ugrunda gurlan suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Dabarada gutlag sözi bilen çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň, obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümini, derýalaryň, suwaryş, lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berilýär. Şoňa görä, degişli taslamalar durmuşa geçirilýär, pudak üçin ýörite tehnikalar, iň täze enjamlar satyn alynýar. Şunda «Altyn asyr» Türkmen köli aýratyn ähmiýete eýedir. Bu çylşyrymly gidrotehniki desganyň gurulmagy ýurdumyzda ykdysady we durmuş wezipeleriniň, Türkmenistanda, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologik abadançylyk bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň suw hojalygynyň, şol sanda paýtagtymyzyň agyz suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylmagyna iri maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan suw arassalaýjy desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan döwrebap tehnologiýalar, nou-haular bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda «Interbudmontaž» kompaniýasy tarapyndan gurlan, suw akymyny sazlaýjy-bekleýji täze, döwrebap desga paýtagtymyzyň hojalyk we agyz suw üpjünçilik derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli ähmiýetli desgalar bina edilýär. Bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, işläp taýýarlamalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen, inženerçilik desgalary doly döwrebaplaşdyrylýar.

Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşan dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Täze gidrotehniki desganyň kuwwaty sekuntda 181 kub metre deň bolan suwy geçirmäge mümkinçilik berýär. Onda ähli işler awtomatik ýagdaýda dolandyrylýar. Suw desgasynyň gatlalary elektromehaniki usulda açylyp-ýapylyp, suwa we onuň töweregindäki ýagdaýlara sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Mundan başga-da, degişli dispetçer nokady dizel-generator bilen üpjün edilip, «Garagumderýa» birleşiginiň aragatnaşyk toruna birikdirilendir. Taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde suwy sazlaýjy-bekleýji desga, dispetçer nokady, ýerasty howdanlar, suw sorujy hem-de elektrik beketleri guruldy. Munuň özi ýurdumyzda durmuş, önümçilik we tehniki maksatly desgalaryň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.

Açylyş dabarasynyň dowamynda desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info