Nagoýadan hoş habar: Türkmen ýygyndysy XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy

MilliInfo
Nagoýadan hoş habar: Türkmen ýygyndysy XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy

Türkmen karateçisi Dawut Nazmyradow Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçýän tomusky Aziýa oýunlarynda uly üstünlik gazandy.

Karatedo boýunça 75 kilogram agramda geçen ýaryşlarda ynamly çykyş eden ildeşimiz gyrgyzystanly Nazim Nurlanowy 7:2 hasabynda ýeňip, çärýek finaly üstünlikli geçdi. Ýarym finalda bolsa siriýaly Fawaz Bani Almarjehiň garşysyna çykdy. Esasy wagty 0:0 hasabynda jemlenen duşuşykda eminleriň çözgüdi (hanteý) esasynda ýeňiş türkmen türgenine berildi we bu netije ony finala çykardy. Finalda eýranly garşydaşyndan asgyn gelen Dawut arzyly sport baýramynyň kümüş medalyna eýe boldy.

Munuň türkmen ýygyndysynyň 19-njy sentýabr — 4-nji oktýabr aralygynda geçýän tomusky Aziýa oýunlaryndaky ilkinji medalydygyny ýatladýarys.

Biz türkmen gerçegini ajaýyp netijesi bilen gutlaýarys. Ýygyndy toparlarymyza bolsa medally ýoly mynasyp dowam etdirmeklerini arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info