Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bir asyr doldy

MilliInfo

4 Aprel, 2026

Baş ýörelgesi ynsanperwerlik, baş aladasy adamlaryň parahat, asuda, bagtyýar durmuşy, birek-biregi goldamak bolan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň bir asyrlygy mynasybetli Türkmenabat şäher medeniýet öýünde geçirilen dabaraly maslahat geçirildi. Milli jemgyýetiň welaýat we etrap bölümleriniň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, meýletinçileriň hem-de bu jemgyýetiň weteranlarynyň gatnaşan bu maslahatynda edilen çykyşlarda jemgyýetiň döredilen gününden bäri ýerine ýetirilen ynsanperwer işler barada söhbet edildi.

– Mälim bolşy ýaly, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 7 ugurdan ybarat esasy ýörelgeleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýan ynsanperwerlige, beýik adamkärçilige, dünýäde parahatçylygy üpjün etmeklige, dost-doganlyga, birek-birege ýardam bermäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty bilen gabat gelýär. Bu jemgyýetiň baş ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşyny üpjün etmeklikdir – diýlip, çykyşlarda nygtalyp bellenildi.

Milli jemgyýetiň baş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda meýletinçiler bilen ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işlere seljerme berildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda bu jemgyýetiň alyp barýan işleri baradaky wideoşekillere tomaşa edildi. Maslahatda ilata adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek, olary durmuş taýdan goldamak, bu işlere ýaşlaryň we meýletinçileriň işjeň gatnaşmagyny gazanmak boýunça Milli jemgyýetiň bölümlerinde ýola goýulýan işleriň ähmiýeti hakynda hem çykyşlar edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem-de meýletinçiler tarapyndan taýýarlanan giň göwrümli sergä hem syn etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info