«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasy hem-de konsert ýatdan çykmajak öwüşgine eýe boldy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de halkara maslahata gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Ajaýyp dabara bu doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, olaryň halklarynyň taryhy, baý medeni mirasy bilen tanyşmaga gönükdirilen, medeni diplomatiýany ösdürmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Bu ýerde Hazar deňziniň kenarynda deňziň özboluşlylygyny wasp edýän edebi-sazly teatrlaşdyrylan çykyş görkezildi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň sergi bölüminde ýurduň amatly howa şertlerinde ýetişdirilen, ekologik taýdan arassa we ýokary hilli gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ter gök önümleriň, ir-iýmişleriň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdir.
Ýurdumyzyň amaly-haşam sungatyna bagyşlanan diwarlykda türkmen halkynyň baý medeni mirasy öz beýanyny tapýar. Bu ýerde senetçileriň, suratkeşleriň, zergärleriň, neçjarlaryň önümleri ýerleşdirilipdir. Her bir önüm gadymdan gelýän usullar arkaly ýerine ýetirilipdir. Sergide milli medeni mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman jemgyýetinde eýeleýän ornuna üns çekilýär.
Soňra belent mertebeli myhmanlar dostlukly ýurtlaryň we Türkmenistanyň sergileri bilen tanyşdylar. Sergi geçmiş bilen şu günüň arasyndaky köpriniň aýdyň nyşany bolmak bilen, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmekde täze mümkinçilikleri açýar. Dabara gatnaşyjylar serginiň dowamynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň ussat aşpezleri tarapyndan milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny, gök-bakja önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini hem-de olara mahsus ak öýleriň bezeg aýratynlyklaryny synladylar.
Her ýurduň sergi meýdançasynda ýörite taýýarlanylan ýerde myhmanlara ussat aşpezler tarapyndan tagamlar hödür edildi. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň aşpezlik däpleriniň baýlygy we dürlüligi, bu ýurtlaryň halklarynyň milli aşhanalary arkaly olaryň taryhy, medeniýeti we ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.
Serginiň çäklerinde bu ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisine hem giň orun berlipdir. Bu sergi oňa gatnaşýan ýurtlaryň baý däp-dessurlaryny we häzirki zaman döredijiligini birleşdirýän özboluşly medeni çäre boldy.
Serginiň myhmanlary Gündogaryň amaly-haşam we senetçilik sungatlarynyň ajaýyp nusgalary, milli nagyşlar, haly önümleri, agaçdan we metaldan ýasalan esbaplar, bezeg önümleri, şeýle hem gadymy usullaryň döwrebap görnüşde dikeldilen nusgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem her ýurduň sergi meýdançasynda milli ak öýi dikilipdir.
Sergi diňe bir gatnaşýan ýurtlaryň çeperçilik üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, suratkeşleriň, ylmy işgärleriň we sungaty söýüjileriň arasynda dialog üçin amatly şertleri döredýär. Ol maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyz hem-de wekiliýet ýolbaşçylary soňra Türkmenistanyň sergi meýdançasyna geldiler. Bu ýerde myhmanlar ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de Milli Liderimiziň tagallalary bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyň esasynda milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny, gök-bakja hem-de miwe önümleriniň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.
Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri, halkymyzyň milli senetçilik däpleri özüniň köpöwüşginli aýratynlyklary bilen şöhlelendirildi. Sergide goýlan gymmatlyklar, milli lybaslar, şaý-sepler, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine hem-de türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklaryna göz ýetirmäge, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň bütin dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde, türkmen jemgyýetiniň ruhy, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.
Sergide halylar hem-de haly önümleri, keşdeçilik sungatyna degişli işler aýratyn orny eýeleýär.
Bu ýerde türkmen milli saz gurallary hem görkezilýär. Dutar, gyjak, gopuz, gargy tüýdük ýaly türkmen milli saz gurallary belent mertebeli myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Soňra türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik däplerine eýerilip, Gahryman Arkadagymyz we wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanyň sergi meýdançasynda dikilen ýörite ak öýe, saçak başyna çagyryldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylaryň hormatyna resmi agşamlyk naharyna gatnaşdylar hem-de dostlukly ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etdiler. Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň öz ýurtlaryna özboluşly syýahata alyp gidýän joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Azerbaýjan, gazak, gyrgyz, täjik, özbek, rus, iňlis, ispan, fransuz, arap dillerinde ýerine ýetirilen aýdymlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül oglunyň, Özbegistanyň halk artisti we Türkmenistanyň at gazanan artisti Ozodbek Nazarbekowyň çykyşlary konsertiň maksatnamasynda aýratyn orun aldy.
Baýramçylyk konserti milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun alan «Küştdepdi» tansy bilen dowam etdi. Soňra konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Awazanyň kenary — dost-doganlyk mekany» atly aýdym ýaňlandy.
Konsert tamamlanandan soňra sahnanyň açylmagy bilen, konserte gatnaşyjylar interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň sazlaşykly hereketleri esasynda döredilen şekillere tomaşa etdiler.
Soňra şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk Awazada agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
















