Gazagystanyň Milli banky ýarym gymmatbahaly daş bolan hakyk bilen bezelen «Aqyq» atly özboluşly kümüş şaýyny pul dolanyşygyna girizdi. Bu barada maliýe gözegçisiniň metbugat gullugyna salgylanýan «TASS» agentligi habar berýär.
Täze önümiň dizaýny taýýarlanylanda önümiň diňe bir kolleksiýa gymmatlygy hökmünde däl-de, eýsem, boýna dakylýan şaý-sep hökmünde ulanmagy hem göz öňünde tutuldy — munuň üçin önümiň ýokarky böleginde zynjyr ýa-da ýüp geçirmek üçin ýörite deşik goýlupdyr.
Şaýyň ady gazak dilinde şaý-sep sungatynda ulanylýan halsedon toparyna degişli minerallary aňladýan «ақық» (hakyk) sözünden gelip çykýar. Ol Gazagystanyň zikgehanasynda 925-nji bellikli kümüşden ýasaldy. Onuň agramy 20 grama, diametri bolsa 3,3 santimetre deňdir. Önüm milli nagyşlar hem-de hakyk gaşy bilen bezelip, onuň umumy sany 5 müň nusga bilen çäklendirilendir.
Şaýyň nominal bahasy 1 000 teňňä (takmynan 2 ABŞ dollaryna) deňdir. Kolleksiýa we gözellik ähmiýetine garamazdan, Milli bank bu şaýyň resmi töleg serişdesidigini we ýurduň bütin çäginde ähli görnüşli hasaplaşyklarda nominal bahasy boýunça kabul edilmeginiň hökmandygyny nygtaýar.
«Aqyq» şaýynyň satuwy 27-nji oktýabrda Gazagystanyň Milli bankynyň resmi internet-dükanynda başlanýar.
