Koreýanyň Halkara bilim boýunça milli instituty magistraturadan we doktoranturadan talyp hakly maksatnamasyna çagyrýar

MilliInfo

4 Fewral, 2026

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Halkara bilim boýunça milli institut (NIIED) daşary ýurtly talyplary 2026-njy ýyl üçin magistratura we doktorantura basgançaklary boýunça Döwlet talyp haklary maksatnamasyna (GKS) kabul edýändigini habar berýär.

Maksatnama boýunça ylmy derejeler we okuw möhletleri:

  • Magistratura: 1 ýyl koreý dili öwreniş okuwy, 2 ýyl bolsa esasy okuw maksatnamasy.

  • Doktorantura: 1 ýyl koreý dili öwreniş kursy, 3 ýyl esasy okuw maksatnamasy.

Dalaşgärlerden bildirilýän talaplar:

  • Arzalary 40 ýaşa çenli (1986-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan soň doglan) Türkmenistanyň raýatlary tabşyryp biler.

  • Magistratura üçin: Bakalawr derejesi bolan ýa-da 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli bakalawr derejesini almagy meýilleşdirýän şahslar.

  • Doktorantura üçin: Magistr derejesi bolan ýa-da 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli magistr derejesini almagy meýilleşdirýän şahslar.

Resminamalary tabşyrmagyň möhleti: 2026-njy ýylyň 12-nji fewralynda sagat 11:00-dan 25-nji fewralynda sagat 18:00-a çenli (Koreýanyň wagty bilen).

Onlaýn arzalaryňyzy Koreýa Respublikasynda okamak üçin toplumlaýyn ulgam (www.studyinkorea.go.kr) arkaly tabşyryp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info