Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde milli eşikleriň sergisi açyldy

MilliInfo

19 Awgust, 2025

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde milli eşikleriň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmen milli eşikleriniň sergisi açyldy. Onuň baş maksady mizeýe gelýänleri halkymyzyň gaýtalanmajak gymmatlyklary — gadymy donlary we beýleki egin-eşikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu ýerde erkekler, zenanlar hem çagalar üçin niýetlenen donlar hödürlenip, olar XIX asyryň başlaryna hem-de XX asyryň ahyrlaryna degişlidir. Bu gymmatlyklaryň ýurdumyzyň dürli sebitlerine mahsusdygyny bellemek gerek.   

Bu ýere gelýänler zenan donlaryndan, el işleriniň miwesi bolan bezeglerden, ajaýyp matalardan tikilen çabytlardan, nagyşlanan işlerden, kümüş şaý-seplerden hem-de beýleki täsin gymmatlyklardan lezzet alyp bilerler. Mahmaldan we beýleki dokma önümlerinden taýýarlanan ýyly eşikler, pagta ýüplüginden we ýüpekden tikilen önümler bezegi bilen göreni haýrana goýýar. Mundan başga-da, erkekleriň gyrmyzy donlary, ýarym ýüpek hywa eşikleri, goýun we düýe ýüňünden öndürilen önümler sergide görkezilýär.

Döwlet muzeýinde ata-babalarymyzdan miras galan milli eşikleri düýpli öwrenmek üçin diýseň ajaýyp mümkinçilik döredildi. XIX asyryň başlaryna hem-de XX asyryň ahyrlaryna degişli bolan donlar etnograflarda, taryhçylarda hem-de dizaýnerlerde uly gyzyklanma döretdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info