Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Gahrymany A.Nurmuhammedowany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady.
«Jemal bagşy, ynha, çet ýurtda Siziň ýaş toýuňyzy hemmämiziň adyndan gutlamak nesip etdi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda baý many-mazmunly ajaýyp aýdymlaryňyz bilen halkymyzyň uly hormatyny gazandyňyz. Aýdym-saz sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirdiňiz. Birnäçe döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolduňyz. Siz döwlet derejesindäki baýramçylyk konsertlerine gatnaşyp, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarsyňyz» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de A.Nurmuhammedowany ýene bir gezek ýaş toýy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, owazynyň mundan beýläk-de belentden ýaňlanmagyny, geljekde hem kämil aýdym-saz eserleri bilen Watanymyzy wasp etmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nurmuhammedowa ýaş toýy mynasybetli gutlaglary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de döredijiligine Milli Liderimiziň şeýle ýokary baha bermeginiň özi üçin uly mertebedigini we hormatdygyny aýtdy. A.Nurmuhammedowa mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagy ugrunda edýän tagallalary we aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ussat aýdymçysy S.Tülegenow Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Jemal bagşy» atly aýdymy ýerine ýetirdi. Munuň özi ýurdumyzda sungat ussatlaryna goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň beýany boldy.
