Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyny okady we Arkadag şäherindäki täze metjidiň gurluşyk işleri bilen tanşyp, gurbanlyk sadakasyny berdi

MilliInfo

28 Maý, 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyny okady we Arkadag şäherindäki täze metjidiň gurluşyk işleri bilen tanşyp, gurbanlyk sadakasyny berdi

Düýn — 27-nji maýda türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyp­jak­da­ky Türk­men­ba­şy­nyň ru­hy met­ji­din­de Gur­ban baý­ra­my­nyň baş­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan baý­ram na­ma­zy­ny oka­dy we Arkadag şä­he­rin­dä­ki tä­ze met­ji­diň gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len tan­şyp, bu şä­her­de gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di. Mu­nuň özi ha­jy Arkadagymyzyň asyr­lar aşyp gel­ýän ýag­şy des­sur­la­ry, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri ro­waç­lan­dyr­mak­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Gurban baý­ra­my ir sä­her bi­len «Al­la­nyň öýi» ha­sap­lan­ýan met­jit­ler­de baý­ram na­ma­zy­nyň okal­ma­gyn­dan baş­lan­dy.

Ir­den Gahryman Arkadagymyz Gyp­jak­da­ky Türk­men­ba­şy­nyň ru­hy met­ji­di­ne gel­di. Bu ýe­re Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry, köp san­ly da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ýyg­nan­dy­lar.

Ha­jy Arkadagymyz hem­me­ler bi­len mä­hir­li gör­şüp, bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň baş­la­ma­gy bi­len gut­la­dy we üç gü­nüň do­wa­myn­da edil­jek do­ga-di­leg­le­riň, be­ril­jek sa­da­ka­la­ryň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny ar­zuw­lap, met­ji­diň içi­ne gir­di.

Se­bit­de iň uly met­jit­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan Türk­men­ba­şy­nyň ru­hy met­ji­din­de baý­ram na­ma­zy okal­dy. Mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň äh­li des­sur­la­ry­ny ag­zy­bir­lik­de ber­jaý ed­ýän hal­ky­myz milli däp­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ber­jaý et­mek ug­run­da dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler üçin ha­jy Arkadagymyza we Arkadagly ha­jy Serdarymyza sag­bol­sun aýd­ýar­lar. Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi, je­bis­li­gi, so­gap iş­le­ri we asyr­lar aşyp gel­ýän ýag­şy des­sur­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge yg­rar­ly­ly­gy nus­ga­lyk ýö­rel­ge hök­mün­de yk­rar edi­len­dir.

Baý­ram na­ma­zy oka­lan­dan soň­ra, Gahryman Arkadagymyz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, do­ga-di­leg­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Soň­ra Milli Liderimiz Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry we da­şa­ry ýurt­ly dip­lo­mat­lar bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji Prezidenti Sa­par­my­rat Ny­ýa­zo­wyň aram ta­pan ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy.

Bu ýer­de il­deş­le­ri­miz na­maz­dan soň­ra ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň ber­ka­rar bol­ma­gy­ny di­leg ed­ýär­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji Prezidentiniň we onuň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň aram ta­pan ýe­rin­de aýat okal­dy. Hem­me­ler mer­hum­la­ryň ýa­tan ýe­ri­niň ýag­ty, ima­ny­nyň hem­ra bol­ma­gy­ny di­leg et­di­ler. Mu­nuň özi Milli Liderimiziň baş­lan­gy­jy bi­len öten-ge­çen­le­riň ru­hu­na tag­zym et­mek dä­bi­niň do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

***

Ýur­du­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de ýer­leş­ýän, mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­nün­de keş­bin­de baý­ram­çy­lyk öwüş­gin­le­ri du­ýul­ýan Arkadag şä­he­ri­niň dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ry­nyň, nu­ra­na ýol­la­ry­nyň bir bi­te­wi bi­na­gär­lik saz­la­şy­gy­ny eme­le ge­tir­me­gi ýur­du­myz­da şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy­nyň nus­ga­lyk de­re­je­de amala aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da bin­ýat bo­lan «akyl­ly» şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gi­ni­niň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şä­he­ri­niň 30 müň orun­lyk met­ji­di­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ýan ýe­ri­ne gel­di. Bu ýer­de Gahryman Arkadagymyz mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy.

Milli Liderimiz bu ýer­de il­çi­ler, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry bi­len söh­bet­deş bol­dy.

Soň­ra Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy met­ji­diň baş bi­na­sy­nyň içi­ne gir­di. Bu ýer­de tä­ze şä­her­de Gahryman Arkadagymyzyň ozal be­ren mas­la­hat­la­ryn­dan ugur al­nyp, met­ji­diň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da edil­ýän ta­gal­la­lar, onuň iç­ki be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gur­lu­şyk­da we be­zeg iş­le­rin­de ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Şeý­le-de Milli Liderimiz şe­kil taslamalary bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Gör­ke­zil­en şe­kil taslamalarynyň ha­ta­ryn­da met­ji­diň içer­ki ýy­la­dyş ul­ga­my­nyň, na­maz­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri, ka­şaň bi­na­nyň di­war­la­ryn­da ýer­leş­di­ril­jek ýaz­gy­lar, mi­na­ra­la­ryň öz­bo­luş­ly­ly­gy, mer­mer dü­şek­le­riň we met­ji­diň ha­ly dü­şek­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, mäh­ra­byň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly taslamalar we ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry bar.

Milli Liderimiz Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň iş­jeň gat­naş­mak­la­ryn­da milli aňy­ýe­tiň pug­ta­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny, yla­hy­ýet fa­kul­te­ti­niň açy­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol ugur­dan en­çe­me ýaş­lar bi­lim al­dy. Şol ýyl­lar­da ýur­du­myz­da il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da Kö­şü­de arap do­gan­la­ry­my­zyň bi­na et­me­gin­de Şe­hit­ler met­ji­di gu­rul­dy. Türk do­gan­la­ry­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Är­tog­rul Gazy met­ji­di bi­na edil­di. Gahryman Arkadagymyz Gök­de­pe met­ji­di­niň hem gur­lan­dy­gy­, Gyp­jak­da­ky baş met­ji­diň ulan­ma­ga ber­len­di­gi­ we gur­lu­şyk­çy­la­ry­my­zyň tej­ri­be­si­niň art­ma­gy bi­len, paý­tag­ty­myz­da hem-de we­la­ýat­lar­da öz ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan met­jit­le­riň gur­lan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry be­ýan et­di. Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu gün bol­sa döw­re­bap Arkadag şä­he­rin­de 30 müň orun­lyk met­ji­diň gu­rul­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, onuň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň tek­lip­le­ri ýa-da pi­kir­le­ri bar bol­sa, ola­ra se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Soň­ra ha­jy Arkadagymyz met­ji­diň da­şy­na çy­kyp, bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry, da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len gür­rüň­deş bol­dy.

Dip­lo­mat­lar ys­lam dün­ýä­si­niň mu­kad­des baý­ra­my bo­lan Gur­ban baý­ra­myn­da so­gap iş­le­riň ber­jaý edil­jek bi­na­sy­na ge­lip, ha­jy Arkadagymyz bi­len bi­le­lik­de gur­lu­şyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­ma­gyň öz­le­ri üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Olar bu ýe­re gel­mä­ge hem-de ýag­şy des­sur­la­ra da­hyl­ly bol­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly ha­jy Serdarymyza tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Milli Liderimiz Gur­ban baý­ra­my­nyň ag­zy­bir­li­giň, je­bis­li­giň baý­ra­my­dy­gy­ny, ony ýa­kyn dost­lar, do­gan­lyk halk­lar bi­len bi­le­lik­de da­ba­ra­lan­dyr­ma­gyň türk­men hal­ky­na mah­sus ýö­rel­ge­le­riň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, hem­me­le­re min­net­dar­lyk bil­dir­di. Gahryman Arkadagymyz ola­ry Arkadag şä­he­ri­niň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän «Mär­kaw» myhmanhanasynda ber­jek gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy we bu ýer­den ug­ra­dy.

Ha­jy Arkadagymyz gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­nyň berilýän bi­na­syn­da özi üçin taý­ýar­la­nan ýe­re ge­çip, bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň hem­me­si­ni mu­kad­des baý­ram bi­len gut­la­dy.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­myz­da milli däp-des­sur­la­ry­my­zy ber­jaý et­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ra­ýat­la­ry­myz mu­kad­des ýer­le­re zy­ýa­rat edip, met­jit­le­re ba­ryp, do­ga-di­leg ed­ýär­ler. Gur­ban baý­ra­my­nyň bel­le­nil­ýän aýyn­da hem ra­ýat­la­ry­my­zyň 3 mü­ňe go­la­ýy ys­lam dün­ýä­si­niň mer­ke­zi bo­lan Mek­ge şä­he­rin­dä­ki ke­ra­mat­ly Kä­bä zy­ýa­rat edip, haj par­zy­ny ber­jaý ed­ýär­ler. Yn­ha, Gur­ban baý­ra­my­nyň bi­rin­ji gü­nün­de Arkadag şä­he­rin­de si­ziň bi­len gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­naş­ýa­rys» di­ýip, Milli Liderimiz sö­ze baş­la­dy. Ha­jy Arkadagymyz hem­me­le­ri Gur­ban baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­lap, ola­ryň gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­nyň, do­ga-di­leg­le­ri­niň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Şeý­le-de Milli Liderimiz türk­men hal­ky­nyň gur­sa­gy Al­la­ly halk­dy­gy­ny bel­le­di.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ys­lam di­ni­niň gym­mat­lyk­la­ry bi­ziň öň­den gel­ýän türk­men­çi­lik däp­le­ri­miz bi­len berk bag­ly­dyr. Bi­ziň ýo­lu­myz hal­kyň ýo­lu­dyr. Hal­kyň ýo­ly bol­sa Ha­kyň, ha­ky­ka­tyň ýo­lu­dyr» di­ýen söz­le­rin­den soň­ra, Ahal we­la­ýa­ty­nyň yma­my te­bä­rek çyk­dy. Ol ha­jy Arkadagymyzyň be­rýän sa­da­ka­sy­nyň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Gur­ban­lyk sa­da­ka­syn­da türk­men hal­ky­nyň adam­da päk­lik, asyl­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik hem-de kämillige ym­ty­lyş ýa­ly hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän, ga­dym­dan gel­ýän ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi, me­de­ni-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­nyň do­wa­ma­ta ata­ryl­ma­gy, ýur­du­myz­da öten-ge­çen­le­re hor­mat goý­mak, hoş­ni­ýet­li­lik, we­pa­ly­lyk ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň ber­ka­rar bol­ma­gy ugrun­da yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän ha­jy Arkadagymyzyň we Arkadagly ha­jy Serdarymyzyň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak bol­ma­gy, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň ber­ka­rar bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi di­leg edil­di.

Soň­ra sa­da­ka gat­na­şy­jy­la­ra na­har çe­kil­di. Gur­ban baý­ra­my ru­hu­be­lent­li­gi hem-de milli bi­te­wü­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýan baý­ram hök­mün­de hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Gur­ban­lyk gün­le­rin­de milli ta­gam­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ma­gy, sa­da­ka­la­ryň be­ril­me­gi we ýag­şy di­leg­le­r edil­me­gi asyr­lar aşyp gel­ýän asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň gü­wä­si­dir. Na­har­dan soň, asyl­ly dä­be gö­rä, aýat-tö­wir okal­dy.

Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­jy Arkadagymyz gur­ban­lyk sa­da­ka­syn­da oka­lan aýat­la­ryň, edi­len do­ga-di­leg­le­riň Al­la­ta­ga­la­nyň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg edip, hem­me­le­re sa­da­ka gat­na­şan­dyk­la­ry üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Milli Liderimiz ýyg­na­nan­la­ra alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info