Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Häzirki wagtda toplumda düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri batly depginde dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyz ir bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň derejesi we gurluşyklaryň depgini barada giňişleýin maglumat berildi.
Milli Liderimiz, ilki bilen, toplumyň merkezi girelgesinde oturdylan bedew heýkelini, girelgäniň aýmançalarynyň bezeg aýratynlyklaryny we toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady.
«Bu ýerde alnyp barylýan işler künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşykly ýerine ýetirilmelidir, bezeg işlerinde reňkleriň sazlaşygyna, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesine aýratyn üns berilmelidir» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimize topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek, onuň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary, ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumatlar berildi. Bellenilişi ýaly, ýoluň gurluşygy on gatlakdan ybarat bolup, olarda ulanylýan serişdeler hil derejesi, berkligi babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluň germewleriniň, ýol belgileriniň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi. Bu ýerde alnyp barylýan işler tassyklanan meýilnama laýyklykda batly depginde dowam etdirilmelidir. Gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň kesgitlenen möhletde tamamlanmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň içki bezeginde bolşy ýaly, olaryň daşky görnüşlerinde, toplumyň çäginde goýulýan serişdeleriň aýratynlyklarynda-da bir bitewi sazlaşyk döredilmelidir. Toplumyň çäginiň ýylyň ähli paslynda gök öwsüp durmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny berip, toplumyň çapuw meýdançasynyň tomaşaçylar üçin niýetlenen münberine bardy. Bu ýerde at çapyşyklaryna tomaşa edýänler üçin zerur şertleriň döredilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.
Gahryman Arkadagymyza çapuw ýollaryna türkmen sährasynyň çägesiniň düşelýändigi, onuň ýörite garyndylar bilen utgaşygynyň atyň toýnaklary üçin ýakymlydygy, bu örtügiň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi we bu usulyň atşynaslyk pudagynda işjeň ulanylýandygy barada habar berildi.
Soňra toplumyň açyk manežiniň gurluş aýratynlyklary, bu ýerde atlaryň gözellik bäsleşiklerini guramak üçin döredilen mümkinçilikler görkezildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda atçylyk we atly sport boýunça giň möçberli halkara çäreleriň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigini nygtap, bu ýerde gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlary synlamak we olara baha bermek üçin mümkinçilikleriň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Şeýle hem bu ýerde ýapyk görnüşli athana bolup, onda bedewler üçin ähli amatlyklar döredilýär. Athananyň howa çalşygyny üpjün etmek, atlary iýmlemek, suwa ýakmak ýaly işler sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Mundan başga-da, bu ýerde atlaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmaga niýetlenen enjam oturdylýar. Emeli aňyň mümkinçilikleri we sanly ulgam arkaly atlaryň saglyk ýagdaýyna degişli maglumatlar ýörite merkezde jemlener.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurluşyk we bezeg işleri boýunça häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň işjeň ulanylýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu ýerde ulanylýan tejribeleri özleşdirmek babatda birnäçe maslahatlary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.