5-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherindäki Arkadagyň ruhy metjidiniň ýanyna geldi. Bu ýerde hajy Arkadagymyza metjidiň gurluşygynda we bezeginde ýerine ýetirilýän işler we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada maglumat berdiler.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, gurluşyklaryň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegini we binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Aýratyn-da, metjidiň gurluşygynda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidir.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, hususan-da, bu ýerde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň we çagalar bagynyň gurluşyklary, metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, durmuş maksatly binalarda ýerleşdiriljek sanlylaşdyrylan enjamlaryň hiline, döwrebaplygyna, berkligine we uzak möhletleýinligine zerur üns bermek babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleri, olaryň üpjünçiliginde ulanylýan önüm öndüriji enjamlar, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler hem-de önümçilik desgalarynyň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berildi. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, Arkadag şäheriniň sport toplumlarynda ýerine ýetirilen işler barada taýýarlanylan çyzgylar görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda ýurdumyzda köp sanly çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini belledi. Bu bolsa ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak, şol sanda häzirki zamanyň ösen tejribesini we täzeçil tehnologiýalary, emeli aň mümkinçiliklerini özleşdirmek ugrunda zerur işleriň geçirilýändigini görkezýär.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly seneler, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiziň täze jaýlardan paýly bolmaklarynyň guramaçylyk ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda giňden bellenilýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň örän guramaçylykly geçirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, watandaşlarymyza täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak, şanly senäni giň gerim bilen dabaralandyrmak, saglyk merkezlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, keselleri anyklamak ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
Häzirki döwürde hajy Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, metjit gurmak, ýol çekmek, guýy gazmak ýaly sogap işleriň rowaçlanmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, «Allanyň öýi» hasaplanylýan we sogap işleriň berjaý bolýan ýerlerinde, aýratyn-da, metjitlerde ýagşy dilegler edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagyň ruhy metjidinde belent maksatlary nazarlaýan we asyrlar aşyp gelýän sogap işlere giň orun berler.
Soňra hajy Arkadagymyz 30 müň adama niýetlenen Arkadagyň ruhy metjidini we onuň ugurdaş desgalaryny hem-de olarda oturdylan gapylary synlady. Gahryman Arkadagymyz olaryň hil aýratynlygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz metjidiň 1500 orunlyk sadaka jaýyna bardy we bu ýerde alnyp barylýan işleri synlady. Bu ýerde Arkadagyň ruhy metjidiniň baş ymamy Ý.Hojagulyýew sadaka jaýynyň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ulanylýan serişdeler barada maglumat berdi.
Soňra hajy Arkadagymyz bu ýerde bina edilýän medresä bardy. Geljekde medresäniň otaglarynda ähli zerur şertler üpjün ediler. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, medresede din ugrundan bilim aljak ýaşlaryň berilýän sapaklary degişli derejede özleşdirmeklerinde zerur hasaplanylýan mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi.
Hajy Arkadagymyz 6-njy oktýabrda ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilýändigini aýdyp, öten-geçenlerimizi ýatlap, şeýle hem ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna doga-dilegleriň edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
«Arkadagyň ruhy metjidiniň» baş ymamy öten-geçenlerimiziň ruhunyň şat, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik maksatlary nazarlaýan ýagşy işleriniň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.
Gahryman Arkadagymyz şu gün täze şäherde bolup, haýyr işlere gatnaşmagyň beýik mertebedigini we öten-geçenleri hatyralamagyň sogap işdigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýagşy dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we hemmelere alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
