Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.
...Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýiň ýanyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz muzeýiň binasynyň daşky keşbini we bezeg aýratynlygyny synlady. Hajy Arkadagymyz muzeýiň içiniň, daşynyň bezeg işlerine, binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz binanyň içine girip, bu ýerde oturdylan sanly tanyşdyrylyş ulgamynyň aýratynlyklaryny gözden geçirdi. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däpleriniň häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini subut edýär. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän gymmatlyklar öz beýanyny tapar. Muzeýiň gymmatlyklary sanly ulgam esasynda görkeziler.
Bu ýerde döwrebap tehnologiýaly, 3D monitorly animasiýa görnüşli wideoşekiller görkezildi. Emeli aň tehnologiýasy ornaşdyrylan monitorda taryhda şöhratly yz goýan we häzirki döwrümiziň guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri ýerleşdirilen halylar görkezilip, olar barada giňişleýin maglumat berilýär. Maglumatlarda halylar, bedewler, türkmen tebigaty öz beýanyny tapýar. Gözellikleriň ählisi haly çitimlerine siňendir. Bu tanyşdyrmalaryň üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde amala aşyrylmagy ýola goýlupdyr. Monitor arkaly gözleýän ugruňa degişli düwmäni basyp, özüňi gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp bolýar.
Milli Liderimiz bu görnüşleri synlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa birnäçe degişli belliklerini aýdyp, maslahatlaryny berdi hem-de şunda ýaşlaryň pikirlerini köpräk peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäginde taslamalary amala aşyrylýan çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi. Bu ýerde D.Orazow şekil taslamalary, olara degişli alnyp barylýan işler boýunça maglumat berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary, berlen maglumatlar bilen tanyşlygyň dowamynda olara birnäçe belliklerini aýdyp, käbir düzedişleri girizdi hem-de degişli maslahatlaryny berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna tarap ugrady. Milli Liderimiz toplumyň atly sport oýunlary binasyna geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow hem çagyryldy. Milli Liderimize Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp taýýarlanylan şekil taslamalary görkezildi.
Wise-premýer T.Atahallyýew toplumy döwrebaplaşdyrmak, şol sanda onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Topluma degişli binalaryň içki we daşky durkuny özgertmek ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada giňişleýin durlup geçildi.
Hormatly Arkadagymyz beýan edilen maglumatlar we görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara degişli käbir belliklerini aýtdy, maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz atşynaslardan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýerdäki at çapyşyklaryna niýetlenen ýodanyň döwrebaplaşdyryş işleri geçirilende, onuň düşegine öz ýurdumyzyň topragynyň ulanylmalydygyny belledi. Çünki türkmen topragy arassalygy, peýdalylygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň çapyşygynda olaryň aýak urşuna kybap gelýär. Halk Maslahatynyň Başlygy topluma gelýänleriň ahalteke bedewlerimiziň çykyşlaryny, dürli çäreleridir ýaryşlary, şol sanda at çapyşyklaryny synlamaklary üçin ähli amatlyklaryň bolmalydygyny aýratyn nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde-de sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekip: «Toplumyň çägindäki muzeýiň, edara binasynyň haýatlarynyň we bassyrmalarynyň her biriniň döwrebaplaşdyryş işleri öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmelidir. Bu ýerdäki Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyryp, olar üçin has amatly şertler üpjün edilmelidir hem-de bu işleriň gadyr-gymmatyna oňat düşünilmegi gazanylmalydyr» diýip belledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, adaty endigine görä, öz seýislän Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de ynsan gylykly bedewinde birsellem gezim etdi. Aty seýislemek we at çapmak boýunça baý tejribe toplan Milli Liderimiz bedewi ilki gorgunyna goýberdi, soňra bolsa az-kemden onuň badyny artdyrdy. Şol pursat atyň bady tizlendi. Şeýle pursatlarda ösüşleriň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň okgunly gadamlary öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyz Hanbeg atly bedewde gezim etmegini tamamlady. Munuň özi ynsan bilen bedewiň birek-birege bolan garaýşynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy belende göterilýär. Şunda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesinde gazanan köp sanly üstünliklerini bellemek gerek. Ýakyn günlerde bolsa ahalteke bedewleriniň şanyna Niderlandlar Patyşalygynda halkara çäreler geçiriler. Bu bolsa türkmeniň milli gymmatlygynyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynda taryhy waka öwrüler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesiniň ýanynda ýerleşdirilen şekil taslamalaryny synlady. Olarda Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunyň «Taýçanak» binasyndan «Polatly» binasyna çenli aralykdaky ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar, şekiller görkezildi. Bu şekil taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow maglumat berip, işleriň alnyp barlyşy, ulanylmagy göz öňünde tutulýan gurluşyk, bezeg serişdeleri we beýlekiler barada aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz ýol gurluşygy boýunça işleriň depginini gowşatmaly däldigini belledi we ýoluň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýollarda ulaglar, adamlar üçin oňaýlylyk we rahatlyk gazanylmalydyr. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýoluň ugrunda döredilýän bagy-bossanlyga-da aýratyn üns berilmeginiň, onuň gyralarynda atlaryň heýkelleriniň öz wagtynda, ýokary hil derejesinde oturdylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň hem-de beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary işlerini sazlaşykly gurap, utgaşykly alyp baranlarynda, ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny aýdyp, öz maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
