Düýn — 4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň hem-de ýaşlaryň öňünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda türkmen bedewleriniň şöhratynyň belende galýandygyny, milli sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygyny alamatlandyran waka mynasybetli çykyş etdi.
Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine gelende, Milli Liderimizi akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar.
Ýapyk manežde «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Okuw merkezi atşynaslyk bilen gyzyklanýan ýaşlary özünde jemleýär. Atçylyga höwes edýän çagalar çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim alýarlar.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Merkeziň ýolbaşçysy milli we dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis, rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda geçilýän okuwlar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barlyp, her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlarda ahalteke bedewlerine söýgini döretmek ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, okuwdan boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bedewe atlanan ýaşlarda mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler kemala gelýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkezi hem ýaşlara dürli ugurlar boýunça bilim bermekde netijeli işleri alyp barýar.
Milli Liderimiz bu ýerde çagalaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, olarda bedewlere söýgini artdyrmak maksady bilen, okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz ata höwesli ýaşlara niýetlenen sowgady gowşurdy we «Sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin!» diýip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.
«At — myrat» okuw merkeziniň ýolbaşçysy we bu ýerde bilim alýan ýaşlar bildirilen hormat-sylag üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçylarynyň we okuwçylaryň haýyşy boýunça olar bilen iki sany bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde bilim alýan ýaşlara milli atşynaslyk däplerini içgin özleşdirmekde we ony has-da ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugrady.
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Gahryman Arkadagymyzy «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary mähirli garşyladylar.
Milli Liderimiz toparyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bagtyýar halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.
«Türkmen milli atçylyk sungatynyň at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan işleriňiz üçin hormatly Prezidentimiz sizi gutlap, öz minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, sizi 3 million manat bilen sylaglamak barada karara geldi» diýip, Gahryman Arkadagymyz degişli çözgüdi mälim etdi.
Milli Liderimiz «Şa serpaýyňyz gutly bolsun! Nesip etsin!» diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy.
«Galkynyşyň» ýolbaşçysy milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmak we ony ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler, döwlet tarapyndan berilýän goldaw hem-de Şa serpaýy üçin toparyň agzalarynyň we ähli atşynaslaryň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri manežde Garaşsyz atly ajaýyp bedewe atlanyp, olaryň arasyna geldi. Toparyň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň daşynda jem bolup, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalaryna Garaşsyz atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde gowşurýandygyny aýtdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza 35 ýyl bolýandygy nazara alnanda, bu sowgat ýurdumyzyň ösüşleriniň özboluşly nyşany bolup durýar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz atçylyk ugry boýunça şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygyna, onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz atşynaslyk ýörelgeleriniň, at bilen ykbalyňy baglamagyň, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly sungatdygyny, sungatyň bolsa müdimidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljek nesillere ýetirilmegi, onuň dowamata atarylmagy ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleriniň, olaryň dünýä nusgalyk çykyşlarynyň halkara giňişlikde giňden wasp edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň kämil neslini döretmek ugrunda edilýän tagallalary beýan edýän çeper filmiň surata düşürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtap, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.