Wena forumy: Milli Liderimiziň çykyşy Watanymyzyň energetika giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny tassyklady

MilliInfo

Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň mejlisi (COP) ýaly syýasy sammitler umumy maksatlary öňde goýýan bolsa, Wena forumy ol maksatlary gazanmak üçin tehnologik we maliýe mehanizmlerine ünsi çekýär. Bu forum döwlet düzümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň we işewür toparlaryň arasynda özboluşly köpri bolup, daşky gurşaw boýunça ählumumy borçnamalary anyk maýa goýum taslamalaryna we senagat çözgütlerine öwürmäge ýardam berýär.

...Forumyň geçirilýän ýeri – Hofburg köşgünde Gahryman Arkadagymyzy BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzinger mähirli garşyladylar.

Şu gezekki Forumyň gün tertibine «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegiň mümkinçilikleri, häzirki geosyýasy şertlerde energetika howpsuzlygy we dekarbonizasiýa bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Bu ýerde çykyş eden Gahryman Arkadagymyz şu günki forumyň giň wekilçilikli düzüminiň dünýä ýurtlarynyň howa we energetika gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly energetika we daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli we uzakmöhletleýin strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz goşandyny goşýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki forum dünýä üçin ýeňil bolmadyk döwürde geçirilýär. Energetika hem-de daşky gurşaw ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň hataryndadyr.

– Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän hem-de energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara-hukuk we beýleki şertleri hem-de kepillikleri döretmek maksady bilen jogapkärçilikli we yzygiderli syýasaty alyp barýar – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ozal toplanan tejribä we häzirki ýagdaýlaryň seljermesine esaslanyp, ýurdumyzyň energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly we öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy möhüm ugurlaryň biri bolup çykyş edýär.

– Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasatsyzlaşdyrmaga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaçlyk bolsa gerek – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasatsyzlaşdyrmagy beýan edýän «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamak meselesine seretmek baradaky teklibini beýan etdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara-hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip etdi.

– Energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýarys. Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, şeýle hem geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýigrimi ýyla golaý wagt mundan ozal Türkmenistan energetika howpsuzlygy boýunça giň köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak başlangyjyny ilkinji gezek öňe sürmek bilen halkara-hukuk binýadyna esaslanyp, bu prosesi yzygiderli we uzakmöhletli esasda alyp barmak zerurlygyndan ugur aldy. Şondan bäri geçen wagt ýurdumyzyň çemeleşmeleriniň dogrudygyny we esaslandyrylandygyny görkezdi.

– Biziň bu günki tekliplerimiz anyk netijelere gönükdirilen teklipler bolup durýar – diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň bu teklipler boýunça ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga açykdygyny we BMG-de degişli geňeşmeleri hem-de gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz howanyň üýtgemegi meselesine hem Türkmenistanyň şeýle netijeli çemeleşýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny gazanmaga doly ygrarlydygyny hem-de «ýaşyl» energetika ulgamynda, ýel we Gün energiýasyny ulanmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge başlamak ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

– Türkmenistanda tebigy gazyň esasynda wodorod energiýasyny ösdürip başlamaga girişmek bilen, bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen giňişleýin işlemäge taýýardyrys. Şunuň bilen baglylykda, 10 ýyllyk döwür üçin Wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy maksatnamany döretmek başlangyjyny teklip edýäris we BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga açykdyrys – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmegiň we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Ýakyn geljekde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi işläp başlar. Türkmenistanyň Hökümeti bu täze düzüme hemmetaraplaýyn goldaw berip, onuň öz wezipelerini hem-de maksatlaryny netijeli ýerine ýetirmegi üçin amatly şertleri üpjün eder.

Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir temasy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa we has giň manyda, suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir. Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär we häzirki hem-de geljekki nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar.

– 2025-nji ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda dünýä ähmiýetli möhüm waka – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Bu resminamada 44 döwletde ýaşaýan onlarça million adamlaryň kanuny hukuklaryny we zerurlyklaryny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilmeli esas goýujy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler beýan edilýär. Türkmenistan bu möhüm resminamanyň ähli kadalarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş eder – diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we bu işde ýurdumyzyň giň halkara goldawyna umyt edýändigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda işleýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ulgamynda we beýleki birnäçe möhüm ugurlar boýunça kabul edilen kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan resminamada beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, UNIDO bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam eder. Şu gezekki foruma biz hut şu nukdaýnazardan garaýarys we maslahatda anyk netijeleriň kabul edilmegine garaşýarys – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri halkara Wena forumyny guraýjylara işlemäge döredilen amatly şertler üçin minnetdarlygyny bildirip, maslahata gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň beýik taglymlaryny we gymmatlyklaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine üstünlikli we netijeli işlemeklerini arzuw etdi.

Forumyň alypbaryjysy çuň many-mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň hem-de başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini belledi.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Wena forumynda beýan eden başlangyçlary ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde täze ugurlary kesgitläp, Türkmenistanyň energetika giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny tassyklady. Ýurdumyz milli bähbitleri dünýäniň ekologiýa abadançylygy baradaky tagallalar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, halkara energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde döredijilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info