Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

MilliInfo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk-senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew we toplumyň döwrebaplaşdyryş işlerini ýerine ýetirýän Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasynyň wekili R.Akçi öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň barşy barada giňişleýin maglumat berdiler.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak, onuň tutuş çägini abadanlaşdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda güýçli depginde dowam edýär. Hususan-da, Ahalteke atçylyk toplumyna barýan ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek işleri, yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Şeýle hem toplumyň binalarynyň içinde ýerleşdiriljek bedewleriň heýkelleriniň görnüşleri, otaglaryň bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän surat eserleri görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň, otaglaryň içiniň bezeg işleri ýerine ýetirilende, reňkleriň sazlaşygyna uly üns berilmelidigini aýtdy hem-de görkezilen heýkelleri we surat eserlerini synlap, olaryň arasyndan bezeg serişdeleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýänlerini saýlap almagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäklerini abadanlaşdyrmak işleri ynanylan kompaniýanyň wekili hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we toplumyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän at heýkelleriniň görnüşleri barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz bedew heýkelleri we toplumyň binalarynyň bezeginde ulanyljak serişdeler bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, merdana pederlerimiziň, hünärine yhlas edýän seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň içki bezeginde bolşy ýaly, olaryň daşky görnüşlerinde, toplumyň çäginde goýulýan serişdeleriň aýratynlyklarynda hem bir bitewi sazlaşyk bolmalydyr. Şeýle hem toplumyň çäginiň ýylyň ähli paslynda gök öwsüp durmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info