Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen döwrebap ylmy-kliniki merkezi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açmak meýilleşdirilýär.
...Ir bilen lukman Arkadagymyz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimizi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow hem-de Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň binalar toplumynyň daşky görnüşini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesini synlap, bu ýerde gök zolaklary döretmek bilen bagly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde Halkara ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşýan germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak we bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.
Germaniýaly lukmanlar Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümlerinde oturdylan enjamlaryň örän kämildigini aýratyn nygtadylar. Umuman, merkeziň enjamlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna we ýokary görkezijilere doly laýyk gelýär.
Görkezilen taslamalaryň hatarynda maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, seljeriş-intellektual, bitewi sanly ulgam modullary, endoskopiýa, ulular üçin ambulator gematologiýa, umumy şöhle bilen bejeriş, sagaldyş-dikeldiş, dermatologiýa ylmy-kliniki, çagalar üçin ambulator gematologiýa, radiofarmasewtika önümçilik bölümleriniň we beýleki ugurdaş otaglaryň, olarda oturdylan enjamlaryň şekil taslamalary, ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar.
Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy lukman Arkadagymyzyň onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm tapgyrlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda lukmançylykda ýadro we izotop tehnologiýalaryny howpsuz esasda ulanmak boýunça bu agentlik bilen pugta aragatnaşygy ýola goýdy. Bu babatda Türkmenistanda degişli halkara kadalaryň we talaplaryň berjaý edilmegi gazanyldy.
Lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna, bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu işe şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garalmalydygyna ünsi çekdi.
Merkeziň ähli bölümlerine sanly tehnologiýalar, dünýäniň ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu ýerde milli lukmançylyk ulgamynda netijeli ulanylýan döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly maglumatlar gorunyň döredilmegine zerur üns berilmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, merkeziň bölümlerinde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlaryny netijeli ulanmak, olaryň işini emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda dünýäniň, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ösdürilmelidir. Munuň özi lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň gazananlaryny özleşdirmeklerine şert döreder.
Germaniýaly lukmanlar bu ýerde radioaktiw galyndylary zyýansyzlandyrmak ulgamynyň işine ýokary baha berdiler. Merkeziň çäklerinde radioaktiw suwuk galyndylar üçin ýörite gaplar döredilip, olarda saklanyljak suwuk galyndylar ösen tehnologiýalar arkaly zyýansyzlandyrylar.
Soňra lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümleri bilen tanyşdy. Merkeziň anyklaýyş, bejeriş, operasiýa, şöhle bilen bejeriş bölümleri, barlaghanalary we beýleki otaglary häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrylypdyr. Germaniýaly lukmanlar merkezdäki enjamlaryň köpüsiniň ilkinji gezek şu ýerde ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň häzirki zaman talaplaryna we lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna doly laýyk gelýändiginiň, adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda uly orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Enjamlaryň emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar arkaly işleýändigi nazara alnanda, merkezde internetiň tizliginiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr.
Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň bölümleri bilen tanyşlygyň dowamynda olaryň arasynda bir bitewi aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem bu ýerde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň daşyna çykyp, merkeziň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylara bu ýerde täze saglyk şäherçesini döretmek bilen bagly meseleleri degişli düzümler bilen bilelikde maslahatlaşyp, içgin öwrenmek we bu barada hormatly Prezidentimize teklipleri hödürlemek boýunça maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň teklibi makullan halatynda, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynyň bu künjeginde kämil merkezleri özünde jemleýän saglyk şäherçesini döretmek bilen baglanyşykly işlere hemmetaraplaýyn we oýlanyşykly esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
