Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.
Şolaryň biri hem Rustam Minnihanow bolup, belent mertebeli myhman Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi.
Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir.
Ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli giňden geçirilýän dabaralara gatnaşýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşykda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.
Myhman Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýdyp, ýetilýän bu belent sepgitleriň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.
«Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýady emele getirýändigini tassyklady.
