«Altyn Asyr» aragatnaşyk operatory abonentleriň sanynyň artýandygy sebäpli, täze 72 telefon koduny girizdi

MilliInfo
«Altyn Asyr» aragatnaşyk operatory abonentleriň sanynyň artýandygy sebäpli, täze 72 telefon koduny girizdi

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» milli öýjükli aragatnaşyk operatory öz ulgamynyň giňeldilýändigini we täze 72 ulgam kodunyň işe girizilýändigini yglan etdi. Täze telefon belgileri indi halkara formatynda +993 72 xxxxxx görnüşinde hasaba girer.

Goşmaça belgiler gorunyň girizilmegi ulanyjylaryň sanynyň durnukly artmagy we ýurdumyzyň ilatynyň arasynda öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen baglydyr.

72 prefiksli belgiler eýýäm satuwa çykaryldy. Olary operatoryň islendik resmi edaralaryndan we hyzmat ediş nokatlaryndan kompaniýanyň adaty nyrhnamalary (tarifleri) boýunça satyn alyp we ulgama birikdirip bolar.

«Altyn Asyr» 2004-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň telekommunikasiýa bazarynda üstünlikli işläp gelýär, ol ýurduň ähli sebitlerinde doly aragatnaşyk zolagyny we ýokary hilli hyzmaty üpjün edýär. Täze koduň işe girizilmegi kompaniýanyň içerki infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda hem-de raýatlar üçin kämil sanly hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmakda meýilleşdirilen möhüm ädim boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info