5-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda weise-premýer N.Atagulyýewiň belleýşi ýaly, şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän, ulag, logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan telekeçileriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen haryt öndürijileriniň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.