Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň DARYA («Merkezi Aziýada ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça dialog we hereket») sebitleýin başlangyjynyň Ýokary derejeli toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Ýewropanyň bilim gaznasy (ETF) tarapyndan Türkmenistanyň Hökümetiniň ýardam bermeginde guralan iki günlük duşuşyk Hazarüsti ulag geçelgesi (TCTC) üçin hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek we hünärmenleri taýýarlamak meselelerine bagyşlandy.
Foruma Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň bilim we zähmet ministrlikleriniň ýolbaşçy wekilleri, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs, ETF-iň direktory Pilwi Torsti, Ýewrokomissiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdiriýetiniň (DG INTPA) wekilleri, şeýle hem diplomatlar, şol sanda ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin we Fransiýanyň ilçisi Alena Grand gatnaşdylar. Mejlise, şeýle-de ÝBÝDB-niň, GIZ-iň, birnäçe ilçihanalaryň we esasy pudaklaýyn kärhanalaryň wekilleri gatnaşdy.
Birinji gün: Strategiýalar we tejribe
13-nji oktýabrda sebit ýurtlarynyň wekiliýetleri bilim bermek we ulag düzümini ösdürmek ulgamyndaky milli ileri tutulýan ugurlary tanyşdyrdylar. DG INTPA-nyň wekilleri giň gerimli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde hünär taýýarlygynyň ähmiýetini nygtap, «Global Gateway» maýa goýum çemeleşmesini hödürlediler.
ÝBÝDB-niň we logistika pudagynyň bilermenleri hünärmenleriň taýýarlyk derejesine bildirilýän döwrebap talaplary ara alyp maslahatlaşdylar.
Birinji günüň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär mekdebine baryp gördüler. Olar şol ýerde bilim edarasynyň iş berijiler we uçurymlar bilen özara hyzmatdaşlyk tejribesi bilen tanyşdylar.
Ikinji gün: Sebitleýin ýol kartasy we umumy wezipeler
14-nji oktýabrda gatnaşyjylaryň ünsi amaly ädimleri meýilleşdirmäge gönükdirildi. Pikir alyşmalar üçin esas hökmünde ETF Gazagystanda we Täjigistanda ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa netijeliligi ulgamy üçin geljekki hünärmen zerurlyklary baradaky ylmy barlagyny hödürledi.
Mowzuklaýyn mejlislerde bilermenler logistikada zähmet bazaryna gözegçilik etmegiň usullaryna garadylar we Ýewropanyň tejribesini, şol sanda Niderlandlaryň «Hydrogen Valley Campus Europe» ekoulgamynyň tanyşdyrylyşyny öwrendiler.
Günüň ikinji ýarymynyň esasy mowzugy Hünär başarnyklaryny ösdürmegiň sebitleýin ýol kartasynyň (Regional Skills Roadmap) tanyşdyrylyşy boldy. Aktau portunyň mysalynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda gatnaşyjylar sebitiň ulgamlaýyn meselelerini kesgitlediler:
milli hünär derejeleriniň gabat getirilmeginiň çylşyrymlylygy;
resmi däl bilimiň netijeleriniň pes derejede ykrar edilmegi;
zähmet bazary boýunça bitewi seljerme binýadynyň ýetmezçiligi.
Bu wezipeleri çözmek üçin logistikada hünär derejelerine sebitleýin çemeleşmäni işläp düzmek, bazaryň zerurlyklaryny seljermegiň bitewi usullaryny ornaşdyrmak we esasy hünärler boýunça synag okuw maksatnamalaryny ýola goýmak teklip edildi. Duşuşyk Aşgabat syýasy maslahatnamalarynyň (Ashgabat Policy Messages) kabul edilmegi bilen tamamlandy.
Geçirilen mejlis ETF-iň sebitiň bäş döwleti bilen hünär derejelerini deňeşdirmek, zähmet bazaryny seljermek we mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça dört ýyllyk işiniň dowamy boldy. Bu iş ÝB-niň 2019-njy ýyldaky Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasyna we 2025-nji ýylda Samarkantda geçirilen ilkinji «ÝB — Merkezi Aziýa» sammitiniň ylalaşyklaryna doly laýyk gelýär.
DARYA taslamasy — bu umumy býujeti 10 million ýewro bolan, ETF tarapyndan durmuşa geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň bäş ýyllyk başlangyjydyr (2022–2027 ýý.). Taslama zähmet bazarynyň talaplaryna uýgunlaşan inklýuziw bilimi ösdürmäge we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dialogy berkitmäge gönükdirilendir. Mundan ozal Ýokary derejeli toparyň mejlisleri Astana, Daşkent we Turin şäherlerinde geçirilipdi.
