Naýbaşy futzal ligasynyň 12-nji tapgyry: duşuşyklaryň üçüsi hem deňlikde jemlendi

MilliInfo

5 Sentýabr, 2025

4-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň duşuşyklarynyň üçüsi hem deňlikde jemlendi.

Bu tapgyryň esasy duşuşygynda ýaryş tertibiniň ikinji ornuny saklap gelýän «Ahal» topary «Senagatbank» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. TNGIZT bilen «Migrasiýanyň» arasyndaky oýun hem şeýle hasap bilen tamamlandy. Naýbaşy liganyň öňbaşçysy «Köpetdagyň» «Deňizçi» bilen geçiren oýnunda hem deňlik bellige alyndy — 5:5.

Şeýlelikde, «Köpetdag» 30 utuk bilen, ýaryş tertibinde öňdeligi ynamly saklap galdy. Ikinji orunda barýan «Ahalyň» 19 utugy bolsa, öňdäki üçlügi jemleýän «Deňizçiniň» hasabynda 18 utuk bar.

Naýbaşy futzal ligasynyň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary 6-njy sentýabrda geçiriler. Bu tapgyrda futzal muşdaklaryna «Köpetdag» – «Ahal», «Migrasiýa» – «Deňizçi», «Senagatbank» – TNGIZT jübütleriniň duşuşyklary garaşýar. 13-nji tapgyryň duşuşyklarynyň hem paýtagtymyzda — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilýändigini ýatladýarys.

12-nji tapgyryň netijeleri:

TNGIZT – «Migrasiýa»  –  2:2

«Ahal» – «Senagatbank» – 2:2

«Deňizçi» – «Köpetdag» – 5:5

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo