Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi

MilliInfo

5 Fewral, 2026

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Bu barada THP habar berýär. Täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyz 13–19-njy aprel aralygynda Keýptaun şäherinde (Günorta Afrika Respublikasy) geçiriljek dünýä çempionatynyň III diwizionynyň oýunlaryna taýýarlyk görer.

Ikinji diwiziona çykmak ugrundaky bäsleşiklerde türkmen hokkeýçileri Günorta Afrikanyň, Türkiýäniň, Meksikanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň hem-de Tailandyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşarlar.

Täze tälimçiniň aýtmagyna görä, öňde duran ýaryşda üstünlik gazanmagyň esasy şertleri düzgün-tertibe berk eýermek, oýunçylaryň wezipelerini takyk paýlamak we olaryň ruhy taýdan durnuklylygy bolar.

«Baş tälimçi bolup bellenilmek — bu uly jogapkärçilikdir. Men bu toparyň içki ýagdaýyna gowy düşünýän we biziň diwizionymyzda köp zadyň ujypsyzja ýagdaýlara baglydygyna bilýärin. Taýýarlyk döwründe hut şolaryň üstünde işläris» diýip, Gurbanow belledi.

Häzirki wagtda okuw-türgenleşik işleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» gyşky sport merkeziniň buzly meýdançasynda alnyp barylýar. Ýygyndynyň giňeldilen düzümine hem zehinli ýaş hokkeýçiler hem-de tejribeli öňdebaryjy oýunçylar girizildi.

Tälimçi dünýä çempionatynda iň pes wezipe hökmünde ilkinji üçlüge girmegi, esasy maksat hökmünde bolsa diwizionda ýeňiş gazanyp, ýokarky diwiziona çykmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy dünýä birinjiligine taýýarlygyň çäginde daşary ýurtly garşydaşlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine hem garaýar. Ýatladyp geçsek, mundan ozal baş tälimçi wezipesini Ilýas Weliýew ýerine ýetiripdi.

Ahmet Gurbanow 32 ýaşynda. Ol köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda oýunçy we kapitan hökmünde çykyş edip, sport ugruny tälimçilik işi bilen utgaşdyryp gelipdi. Hünärmen öz kämillik ýolunyň uly bölegini Tatarystanda geçirdi we şol ýerde Kazan federal uniwersitetiniň «Bedenterbiýe we dikeldiş lukmançylygy» hünärini tamamlady. Mundan başga-da, ol Daşkent şäherinde Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň we beýleki ýurtlaryň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) tälimçilik kurslaryny geçdi.

Gurbanow 2023-nji ýylda geçirilen «Kazan Hockey Cup» halkara ýaryşyny öz sport ýolunyň iň ýatda galyjy pursatlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýär. Ol bu ýerde öz diwizionynyň «iň gymmatly oýunçysy» diýlip ykrar edildi we meşhur «Tatneft Arena» buz meýdançasynda ýyldyzlaryň duşuşygyna gatnaşdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info