Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi

MilliInfo

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylaryny bellemek hakynda Karara gol çekdi.

Ýeri gelende bellesek, häzir Türkmenistan Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine taýýarlyk görýär. Hökümetara komitetiň çäklerinde ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ulgamlaýyn işleri dowam etdirmek we bu komitetiň işini ýokary derejeli duşuşyklaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu komitetiň düzümine girýän 6 sany kiçi komitetiň mejlisleri hem özara ylalaşyk esasynda yzygiderli geçirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info